Turkmenportal logo
02.10.25
68906890
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze etraplaryň prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň prokuraturasy; Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň prokuraturalary; Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynyň prokuraturalary; Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň prokuraturasy döredildi.

TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow düýn degişli Karara gol çekdi.

Resminama Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.