Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir täze etraplarynda etrap kazyýetlerini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminamada:
1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde:
1) Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetini;
2) Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap kazyýetlerini;
3) Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap kazyýetlerini;
4) Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetini döretmelidigi;
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmelidigi bellenilýär.
Perman Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.
