Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda ýurduň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini döretmek hakynda resminama gol çekdi.
Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Watanyň abadançylygy, asudalygy ugrunda harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
