Turkmenportal logo
29.09.25
2197521975
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 30 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.


Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, pagta süýümi, arassalanan pagta ýüplüginiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak boldy.


Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 604 müň 500 manada deň bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.