25-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre geçirildi.
Çäre Astana şäheriniň häkimliginiň hem-de daşary ýurtlarda türkmen jemgyýetine wekilçilik edýän jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri, Astana şäheriniň häkimliginiň wekilleri, şeýle hem Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berdi.
Dabarada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi B.Rejepow gutlag sözi bilen çykyş edip, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklaryna esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny asyl nusgada we terjimesinde okap berdiler.
Şeýle-de türkmen talyplary tarapyndan milli aýdym-sazlar we tanslar ýerine ýetirildi.
