Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky energetika we söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze geljegi» atly maslahat guraldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanylan maslahat Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda geçirildi.
Maslahata Türkiýe Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary, Türkiýäniň ylmy-barlag merkezleriniň, medeni-ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän halkara wakalar, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar ýetirildi.

Çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrýandygyny nygtap, munuň esasy şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylygyny, dünýä açyklygy we ähli ugurlardaky özara bähbitli gatnaşyklara taýýardygyny bellediler.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda köpasyrlyk türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň täze ýyl ýazgysynda öz mynasyp ornuny tapýandygyny bellenildi.
Şeýle-de maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi we ýörite taýýarlanan wideoýazgynyň görkezilişi hem guraldy. Çäräniň ahyrynda ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
