Türkmenistan deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan sanly integrasiýa üçin global platforma döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy.
Platforma deňlik, ynanyşmak we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan bermek üçin ulanmaga ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanar.
