Azerbaýjan ýurda gelen jahankeşdeleriň sany boýunça bäş ýyllyk rekordy täzeledi. Turistik agentlikleriň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýyl ýurda iki milliona golaý adam geldi. Olaryň agramly bölegi Russiýadan, Aziýa ýurtlaryndan hem-de Arap Emirliklerinden diýip, «MIR 24» portalynyň habarçysy Narmin Abasowa habar berdi.
Jahankeşdeler Azerbaýjanyň gözel ýerleri bilen tanyşlyga Geýdar Aliýewiň adyny göterýän halkara howa menzilinden başlaýarlar, ol her ýyl alty milliondan köp ýolagçyny kabul edýär.
Ýylyň başyndan bäri Azerbaýjana 800 müňden gowrak jahankeşde bardy. Sentýabryň jemleri boýunça bu görkeziji has artar. Sebäbi ýurt GDA ýurtlarynyň Oýunlaryny kabul etmäge taýýarlanýar.
