Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow belli gruziýaly režissýor T.Malaniýa bilen duşuşdy. Duşuşykda täze dokumental filmiň döredilişi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Film Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostluga esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyga bagyşlanar. Dokumental filmde iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikleri beýan ediler.
Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, film Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen dörediler.
Söhbetdeşlikde türkmen diplomaty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynam ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan giň möçberli halkara çäreler barada gürrüň berdi.
