Ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak Türkmenistanda häzirki döwürde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Olaryň düzüminde zähmete ukyply ýaşdaky raýatlaryň sany agdyklyk edýär.
TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, onuň innowasion ösüşi nazara alnyp, ilatyň iş bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurtda ykdysady özgertmeleriň has giň gerime eýe bolmagy bilen, adamyň öz ukyplaryna eýelik etmek hukugyna esaslanýan zähmet bazary kemala gelýär.
5-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça tutumly başlangyçlardan, giň gerimli özgertmelerden, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlerden ugur alyp, zähmet bazaryny uzak möhletli ösdürmegiň maksatnamalaýyn çärelerini işläp düzmekden ybaratdyr.
Zähmet bazaryny ösdürmek boýunça täze Konsepsiýanyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasynyň ölçeglerini we kadalaryny, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşini, milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, degişli kanunçylyk namalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellemek gerek.
Şunuň bilen birlikde, iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary, işgärlere bolan zerurlyklary baradaky maglumatlaryň iş gözleýän adamlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek we onuň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem ýurduň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullary, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşleri kämilleşdiriler. Ýurduň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak we degişli işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň halkara zähmet bazaryna çykmagy bilen bagly işleri dolandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak we işçi güýjüniň taýýarlygyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň üstünde işleniler.
Işgärleriň saglygyny we ömrüni goramak çäreleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, resminamada zähmet şertlerine baha bermek işleri amala aşyrylar. Ýakyn geljekde zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişini, işgärleriň iş ýerlerinde howpsuz we sagdyn zähmet şertlerine bolan hukuklarynyň, kanunçylykda bellenen beýleki kepillikleriniň üpjün edilişini berkitmek, oňa gözegçilik etmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we olaryň ygtyýarlyklaryna seretmek meýilleşdirilýär.
