Turkmenportal logo
16.09.25
1898318983
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BGG-niň CLiKC! okuw platformasyny ulanmak boýunça duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleriniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) mümkinçilikleri artdyrmak boýunça direktoratynyň wekili hanym Sýuzanna Şwars bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi diýlip, gullugyň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda CLiKC! platformasy boýunça milli utgaşdyryjynyň orny, gümrük işgärleriniň bu platformada hasaba alnyşy, BGG tarapyndan hödürlenýän tenant-çözgüdi ulanmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem okuw kurslaryny rus we türkmen dillerine terjime etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Taraplar CLiKC! ulgamyna girmegiň tehniki we düzgünleşdirme meselelerini aýdyňlaşdyrdylar, tenant-çözgüdi ulanmagyň şertlerini öwrendiler hem-de geljekki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.


Bu meýilnama okuw materiallarynyň terjimesini, mugallymlaryň taýýarlygyny we bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegini öz içine alar diýlip habarda bellenilýär.