Tatarystanyň (RF) häzirki baştutany Rustam Minnihanow saýlawçylaryň sesleriniň 88,09%-ini alyp, respublikanyň ýolbaşçysynyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada RF-nyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň 100% protokollary işlenenden soňky maglumatlar şaýatlyk edýär – diýip, RIA Nowosti agentligi habar berýär.
Saýlaw kampaniýasyna dört dalaşgär gatnaşdy. «Ýedinaýa Russiýa» partiýasy tarapyndan hödürlenen Minnihanowdan başga-da, sebitiň baştutany wezipesi üçin şular göreşdiler: Tatarystanyň Döwlet geňeşiniň deputaty Hafiz Mirgalimow (KPRF), sosial adalatlylyk üçin Russiýanyň pensionerleriniň partiýasyndan dalaşgär Witaliý Smirnow we «Baýlyk № 3» kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Ruslan Ýusupow (LDPR).
68 ýaşly Rustam Minnihanow 2010-njy ýyldan bäri Tatarystana ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol bu wezipä iki gezek — 2015 we 2020-nji ýyllarda täzeden saýlanypdy. 2005-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli respublikanyň premýer-ministri wezipesini eýeläpdi.
2023-nji ýylyň ýanwarynda Minnihanow Tatarystanyň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek hakynda kanuna gol çekdi, şoňa görä sebitiň ýolbaşçysynyň wezipesi «başlyk» ýa-da «raýis» diýen resmi at aldy.
Respublika ýolbaşçylyk edýän döwründe Minnihanow birnäçe döwlet baýragy bilen bellenipdi, şol sanda 2021-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşandygy üçin Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy.
Tatarystan adatça sebitara derejede rus-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm ähmiýet eýeleýär. Türkmenistanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, respublika rus sebitleriniň arasynda «kuwwatly ätiýaçlyk gorlar—senagat mümkinçilikleri, şeýle hem iki doganlyk halkyň arasynda taryhy baglanyşyklar bilen» aýratyn orun eýeleýär.
Ykdysadyýet, söwda, ulag ugurlarynda Tatarystanyň kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeliligi bilen ösdürilýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýiş pudagynda oňyn mümkinçilikler açylýar.
