Turkmenportal logo
13.09.25
2845928459
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zyýat Hil: bişirilen iriska bilen doldurylan « Hozjagazlar» nusgawy köke

Zyýat Hil konditer dükanlary myhmanlary bişirilen iriska bilen doldurylan meşhur «Hozjagazlar» kökesi bilen çagalyk ýatlamalaryna dolanmaga çagyrýar. Adyndan görnüşi ýaly, bu kökelerde hakyky hoz ýok: altyn öwüşginli, ýumşak gabygynyň içinde özüne çekiji süýji hem goýy iriska bar. Bu bolsa çagalykdan tanyş bolan görnüşiň we tagamyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär.


Her bir köke Zyýat Hil-iň ussat konditerleri tarapyndan elde ýerine ýetirlip, nusgawy usul boýunça taýýarlanylýar. Taýýarlamakda diňe tebigy önümler ulanylýar — ýag, şeker we ýokary hilli bişirilen iriska. Hiç hili emeli goşundy ýok. Şeýle çemeleşme bu süýjüligi diňe tagamly däl-de, eýsem öýde bişirilen ýaly tebigy we ruhy ýylylyk bilen doldurýar.



«Hozjagazlar» maşgala bolup çaý içilende, dostlar bilen rahat duşuşyklarda ýa-da ýakynlaryňyza kiçijik sowgat hökmünde ajaýyp saýlaw bolup biler. Zyýat Hil bu süýji tagamy ýerinde satyn almak ýa-da öýüňize eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär. Şeýlelikde, siz öýüňizde oturyp, rahatlygyň we ýylylygyň lezzetini duýup bilersiňiz.


Konditer dükanlary dynç günsüz, hepdäniň ähli günlerinde işleýär, sargytlar her gün irden 8:00-dan agşam 22:45-e çenli kabul edilýär.


Sargydyň möçberi 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat şäherine we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.



Aragatnaşyk maglumatlary:


Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;


Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;


Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.


Sosial ulgamdaky sahypasy.