Türkmenistanda doglan uçarman-kosmonawt Oleg Dmitriýewiç Kononenko A.A.Leonow adyndaky Tehnologiýa uniwersitetiniň MGIA we KI-niň şahamçasynyň talyplary bilen «Kosmos» ýaşlar merkezinde duşuşyk geçirdi.
Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işleýän Oleg Dmitriýewiç ýaşlar bilen kosmosdaky täsin durmuş tejribeleri barada gyzykly wakalary paýlaşdy. Ol talyplara agramsyzlyk ýagdaýyny duýmagyň nähili bolýandygyny we kosmosdan Zemini synlamagyň täsirli pursatlaryny gürrüň berdi.
«Biz Oleg Dmitriýewiç bilen duşuşykdan unudylmajak duýgulary we täsirleri aldyk! Bu bize diňe bir kosmonawt bilen bir ýerde oturmak däl, eýsem, onuň bilen şahsy gürrüňdeş bolmak mümkinçiligini hem berdi. Täsirlerimizden çen tutsaň, özümizem kosmosa baryp gelen ýaly boldyk» diýip, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyplary Ýelizaweta Reýent we Diana Ahmedeýewa täsirlerini paýlaşdylar.

Oleg Dmitriýewiç Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat (öňki Çärjew) şäherinde doguldy. 2024-nji ýylda ol kosmosda bolan umumy wagty boýunça dünýä rekordyny goýdy — bäş sany ekspedisiýanyň dowamynda 1000 günden gowrak wagty orbitada geçirdi. 2009-njy ýylda kosmonawta Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, 2019-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.
