Turkmenportal logo
10.09.25
2236822368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sebastýan Lekornýu Fransiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Surat: Rg.ru

Fransiýanyň Premýer-ministri Fransua Baýru iş başyndan gidenden soňra, ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bu wezipä öňki goranmak ministri Sebastýan Lekornýuny belledi diýip, «BFMTV» teleýaýlymy habar berdi.


Hökümetiň täze ýolbaşçysynyň ilkinji borjy Parlamentdäki syýasy güýçler bilen pikir alyşmalary geçirmekdigini «Figaro» gazeti ýazýar. Lekornýu parlamentarileri býujeti tiz kabul etmäge ynandyrmaly bolar. Syýasy güýçler bilen geňeşmeler geçirilenden soňra Hökümetiň täze düzümi tassyklanar.


Sebastýan Lekornýu döwlet başyna Emmanuel Makron gelenden bäri ýedinji we soňky üç ýylda bäşinji Premýer-ministr boldy.