Türkiýäniň günbatar böleginde güýji 5 bal bolan ýertitreme boldy. Bu barada Ýewropa-ortaýer seýsmologik merkezi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýer yranmasynyň merkezi Balykesir ülkesinden günorta-gündogarda 58 kilometrde ýerleşdi. Bu sebitiň ilaty 238 müň adamdyr. Ýerasty sarsgynlaryň ojagy 8 kilometr çuňlukda ýerleşdi.
Ýer sarsgynlary Stambulyň günbatarynda hem duýuldy. Ýykylan binalar we ejir çekenler barada habar berilmedi.