Britan Patyşalyk maşgalasynyň iň uzak ýaşly agzasy Kent gersog aýaly Ýekaterina 93 ýaşyndan aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgüniň habarnamasyna salgylanýan TASS habar berdi.
«Çuňňur gynanç bilen Bukingem köşgi Onuň Patyşalyk Alyhezretleri Kent gersoginýasynyň aradan çykandygyny habar berýär. Onuň Alyhezretleri geçen gije Kensington köşgünde öz maşgalasynyň arasynda rahat gözlerini ýumdy» diýlip, Patyşa Karl III kanselýariýasynyň habarnamasynda aýdylýar.
Kent gersog zenany Şa aýal Ýelizaweta II (1926-2022) doganoglany, Kent gersogy Edwardyň aýalydy. Matam nyşany hökmünde Bukingem köşgüniň baýdagy ýatyryldy.
Sport muşdaklarynyň arasynda Kent gersog zenany 32 ýyl bäri tennis boýunça Uimbldon ýaryşynyň ýeňijilerine baýraklary gowşuryp gelendigi bilen meşhurdyr.
