CAFA-nyň Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunda Özbegistanyň futbol ýygyndysy Türkmenistanyň ýygyndysyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. «A» toparçasynyň duşuşygy Daşkentde geçirildi.
Özbegistanly hüjümçi Igor Sergeýew duşuşykda 37-nji we 44-nji minutlarda iki gol geçirip, dubly ýerine ýetirdi. Ikinji goly ol 11 metrlik jerime urgusy bilen geçirdi. Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ýeke-täk goly Didar Durdyýew duşuşygyň 84-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.
.jpg)
Duşuşygyň 59-njy minutynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rasul Çaryýew meýdança eýeleriniň kapitany Farruh Saýfiýew bilen agyr çaknyşykdan soň şikes aldy. Çaryýew oýny dowam etdirip bilmedi, onuň ýerine derwezä Rüstem Ahallyýew geçdi. Özbegistanyň ýygyndysynyň kapitany Saýfiýew bu ýagdaýdan soň gönümel gyzyl kart alyp, toparyny azlykda goýmaly boldy.
Bu ýeňliş, Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňliş boldy. Mundan ozal ýygyndy iki duşuşyk geçirip, hiçisinde ýeňilmändi.
.jpg)
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi ýygyndynyň ösüş tapgyrdadygyny belledi. «Ýygyndymyzyň häzirki döwri — ösüş tapgyrynda barýar. Şunuň bilen birlikde, bir zady aýratyn bellemek isleýärin: bu biziň täze tälimçiler toparynyň ýolbaşçylygyndaky diňe üçünji oýnumyz. Ýygyndy täzelenýär. Esasy maksadymyz — 2027-nji ýylda Aziýa kubogy ýaryşyna çykmakdyr». — diýip, duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda baş tälimçi Röwşen Meredow beýan etdi.
.jpg)
Tälimçi öz oýunçylarynyň oýnundan kanagatlandygyny hem aýtdy: «Oýun örän gyzykly boldy — gollar, gyzyl kartyň görkezilmegi. Iň möhümi, biziň ýygyndymyz örän ynamly hereket etdi we biz garşydaşymyzyň öňünde aljyrap durmadyk».
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew duşuşykdan soň şeýle belledi: «Özbegistan – güýçli ýygyndy, düzüminde ýaş oýunçylar kän. Oýun örän kyn boldy. Ýöne meniň pikirimçe, biz deň oýnap bilerdik, ýöne biziňki birneme şowuna düşmedi».
A toparçanyň beýleki duşuşygynda Omanyň ýygyndysy Gyrgyzystany 2:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Iki tapgyrdan soňky Özbegistanyň we Omanyň 4 utugy bar, olaryň yzyndan Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary barýar (1 utuk bilen). Indiki tapgyrda, 5-nji sentýabrda Türkmenistan Oman bilen, Özbegistan bolsa Gyrgyzystan bilen duşuşar.
