Turkmenportal logo
02.09.25
2422524225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň poçta gullugy 72 ýyl mundan öň iberen gutlag hatyny eýesine gaýtaryp berdi
ABŞ-nyň poçta gullugy 72 ýyl mundan öň iberen gutlag hatyny eýesine gaýtaryp berdi
Surat: Lenta.ru

ABŞ-da poçta edarasy 88 ýaşly Alan Bolla 1953-nji ýylda ene-atasy Frederik we Elizabet Bolla ýollan gutlag otkrytkasyny gaýtaryp berdi.


Mundan 72 ýyl öň ýiten haty Illinoýs ştatynyň Ottawadaky poçta bölümine berdiler. Onda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edaras binasy şekillendirilipdir. Hut şol sebäpli hat ýalňyşlyk bilen guramanyň salgysyna ýollanandyr diýlip çaklanýar.


Poçta gullugynyň işgärleri ýerli şejereçilere ýüz tutup, Bolluň maşgalasyny nirden tapyp boljakdygy bilen gyzyklandylar. Ol Aýdaho ştatynyň Sandpoýnt diýen ýerinde ýaşaýar ekeni. Goja otkrytkadaky öz hatyny tanady, emma haty haçan iberendigini ýadyna salyp bilmedi.


Bu barada «MIR 24» ýazýar.