Turkmenportal logo
01.09.25
1552215522
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mamed Guseýnowyň türkmen suratkeşiniň suratlary bilen bezelen sazlar ýygyndysy Moskwada hödürleniler

Ozal habar berşimiz ýaly, A.N.Skrýabin Ýadygärlik muzeýinde «Dutaryň owazy» IX festiwalynyň halkara ýaryşlarynyň we konferensiýalarynyň öňüsyrasynda» atly konsert berler.


Konsertiň esasy çäresi kompozitor Mamed Guseýnowyň 2025-nji ýylda neşir edilen «Fortepiano üçin alty sany çagalar aýdymy» ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu albom Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Kössekmyrat Nurmyradowyň çeken suratlary bilen bezelipdir.


Ýygynda giriş sözüni meşhur türkmen sungaty öwrenijisi Ýuliýa Jumaýewa ýazdy.


Albomyň içine giren eserler Gündogaryň baý halk döredijiliginden ruhlanyp döredilipdir. Konsertde olary «Dutaryň owazy» festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp bolan pianinoçy Mariýa Buýanowa ýerine ýetirer.