«Belet» multimedia hyzmaty 4.0 täzelenmesiniň ýakyn wagtda işe giriziljekdigini yglan etdi. Täzelenme bilen ykjam goşundynyň telewizorlardaky interfeýsi düýpgöter üýtgär. Täze dizaýn ulanylyşy has aňsat we düşnükli eder, şeýle hem hyzmaty uly ekranda ulanmak has amatly bolar.
Android TV-den başga-da, ykjam goşundyilkinji gezek LG TV we Apple TV eýelerine elýeterli bolar.
Mundan başga-da, üýtgeşmeler beýleki enjamlara täsir eder. Smartfonlarda, planşetlerde we web nusgada abunalygy dolandyryş bölümi täzelener: ulanyjylar onuň hereket möhletini yzarlap, töleg usullaryny dolandyryp we möhüm üýtgeşmeler barada habarnamalary alyp bilerler.
Täzelenme «Belet» hyzmatyny ähli platformalarda has amatly we düşnükli etmäge gönükdirilendir.
