Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurtda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Mejlisde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň, býujet we salgyt ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirişini yzygiderli seljermegi tabşyrdy.
