Amerikan aktýory, sazandasy we prodýuseri Brýus Uillisiň maşgalasy ony barha güýçlenýän demensiýa keseli sebäpli özbaşdak öýe göçürdi. Bir gatly öý aktýora hereket etmek üçin amatly we ümsüm. Bu barada aktýoryň aýaly Emma Heming habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Uillis gije-gündiz lukmanlaryň gözegçiliginde. Heming ýanýoldaşynyň saglygynyň, umuman, oňatdygyny, emma beýnisiniň doly bahaly ýaşamaga päsgel berýändigini nygtady. Aktýor öz maşgala agzalaryny az-owlak hem bolsa tanaýar, dogan-garyndaşlary onda öňki Uillisiň alamatlaryny görýärler.
70 ýaşly Brýus Uillisde 2022-nji ýylda beýnisine zeper ýetmegi sebäpli demensiýa keseli anyklandy. Netijede, aktýor kinony terk etmeli boldy.
