Gazagystanyň «Kaýrat» futbol kluby saýlama pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşygynda Şotlandiýanyň «Seltik» toparyny oýundan soňky 11 metrlik urgularda ýeňlişe sezewar edip, öz taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna ýollanma aldy.
Bu toparlaryň arasyndaky Glazgoda geçirilen deslapky oýun golsuz deňlikde tamamlanypdy. Almaty şäherindäki Kajymukan Munaýtpasow adyndaky stadionda geçirilen jogap duşuşygynyň hem esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmady. Şeýlelikde, jübütiň ýeňijisi penaltiler seriýasynda kesgitlenilip, futbol lotoreýasynda 3:2 hasabynda gazak topary ýeňiş gazandy.
Ýeri gelende bellesek, «Kaýrat» Ýewropanyň klublar derejesindäki iň abraýly ýaryşynyň esasy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji gazak topary boldy. «Seltik» bolsa indi öz ýoluny Ýewropa ligasynyň liga tapgyrynda dowam etdirer.
Ýewropanyň çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki toparlaýyn ýaryşlarynyň esasy tapgyryna 28-29-njy awgustda Monakoda bije çekiler.
