Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly esasda okamaga mümkinçilik alan türkmen ýaşlaryna okuwa kabul edilendigi baradaky resminamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
26-njy awgustda bolan dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin ýaşlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Dabaranyň dowamynda ýaşlaryň birnäçesine okuwa kabul edilendigini tassyklaýan resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Resminamalary gowşurmak dabarasyna sanlyja günlerden perzentlerini Hytaý Halk Respublikasyna ibermäge taýýarlanýan ene-atalaryň hem birnäçesi gatnaşdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synda talyplaryň müňe golaýy, orta mekdepleriň 10-synda bolsa 5 müň 700 töweregi okuwçy hytaý dilini öwrenýär.
Türkmen talyplarynyň 6 müň 500-den gowragy Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ojaklarynda dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şolaryň 250-si hökümetara ylalaşyklaryň çäginde okaýan ýaşlardyr.
Habarda bellenilişi ýaly, Sinszýan-Uýgur awtonom raýony tarapyndan türkmenistanly raýatlaryň 100-sine grant esasynda okamak üçin ýer bölünip berlipdir, eýýäm 2025-2026-njy okuw ýylyndan olaryň 95-si bu ýurtda okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik aldylar.
