Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine we Öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň möhletlerine we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlaryna üýtgetmeleri tassyklady.
Degişli №330 belgili buýruga 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda gol çekildi we ol 2022-nji ýyldan bäri hereket edýän Öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi baradaky tertibe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizýär.
Täze resminama öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilýän möhletlerini hem-de hökmany sanjym edilmeli raýat toparlaryny täzeden kesgitleýär. Buýrukda bellenilişi ýaly, bellenilen möhletde öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalaryň bilim edaralaryna, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralaryna we umumybilim berýän orta mekdeplere gatnamaklaryna rugsat berilmeýär.
Çagalara öňüni alyş sanjymlary saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleri bilen baglanyşykly bellenen möhletleriň bozulmagy bilen geçirilen ýagdaýynda amatly epidemiýa ýagdaýy bolan halatynda degişli lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) çözgüdi boýunça olar degişli çagalar edaralaryna kabul edilip we ol ýere baryp biler
Öňüni alyş sanjymlaryň Milli tertibi
Täze tertibiň çäklerinde aşakydaky sanjymlaryň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary tassyklandy:
Bäbekler, dogulandan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda:
- Wirusly gepatitiň B görnüşine garşy - WGB 1
2-3 günlük bäbekler:
- Inçekesele garşy - BSŽ 1
2 aýlyk bäbekler:
- Gökbogma, difteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine, poliomiýelite we Hib ýokanjyna garşy – AGDB1-WGB2- IPW1-Hib1
- Pnewmokokk ýokanjyna garşy - PKW 1
- Rotawirus ýokanjyna garşy – Rota 1
3 aýlyk bäbekler:
- Gökbogma, difteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine, poliomiýelite we Hib ýokanjyna garşy – AGDB2-WGB3- IPW2-Hib2
- Rotawirus ýokanjyna garşy - Rota 2
4 aýlyk bäbekler:
- Gökbogma, difteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine, poliomiýelite we Hib ýokanjyna garşy – AGDB3-WGB4- IPW3- Hib3
- Pnewmokokk ýokanjyna garşy – PKW 2
- Rotawirus ýokanjyna garşy - Rota 3
12-15 aýlyk çagalar:
- Gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma ýokanç kesellerine garşy – MMR1
- Pnewmokokk ýokanjyna garşy – PKW 3
16 aýlykda:
- Poliomiýelit keseline garşy - IPW4
18 aýlyk çagalar:
- Gökbogma, difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy – AGDB 4
- Wirusly gepatitiň A görnüşine garşy – WGA
6 ýaşly çagalar:
- Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy – ADB
- Gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma ýokanç kesellerine garşy – MMR2
9 ýaşly çagalar:
- Adamyň papilloma wirusyň döredýän howply döremelerine garşy – APW
14 ýaşly çagalar:
- Inçekesele garşy – BSŽ 2
15 ýaşly çagalar:
Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy – ADB-M 1
- 25 ýaşly adamlar:
Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy – ADB-M 2
Resminama kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň üstüne goşmaça jogapkärçilikleri hem ýükleýär. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň eýeleri, şeýle hem ýolbaşçylary we beýleki wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärlerine öňüni alyş sanjymlary geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmakda ýardam bermäge borçludyrlar.
Täze düzgün öňüni alyş sanjymlary boýunça hasabat bermegiň kämilleşdirilen ulgamyny göz öňünde tutýar. Ilatyň ýaş toparlary boýunça sanjymlaryň meýilnamalaryna degişli statistiki maglumatlar tapgyrlaýyn jemleniler: ilki bilen maşgala meýdançalary boýunça, soňra Saglyk öýleri, şäher we etrap hassahanalary boýunça, soň bolsa şäherleriň we welaýatlaryň saglygy goraýyş müdirlikleri boýunça hasabatlar jemlenilýär.
Aşgabat, Arkadag we welaýatlar boýunça jemlenen maglumatlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş-öňüni alyş bölümine umumy döwlet hasabatyny düzmek üçin ugradylýar.
Üýtgetmeler 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 54-nji we 55-nji maddalaryna, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde girizildi.
Täze tertip öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurduň ilatynyň arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda bu tertibiň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M. Mämmedowyň üstüne ýüklenilýär.
