Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow CAFA-nyň Milletler kubogynda milli ýygyndymyzyň geljekki oýunlaryna çagyrylan futbolçylaryň sanawyny yglan etdi. Şenbe güni, 30 awgustda Türkmenistan Gyrgyzystan bilen oýnar. Şeýle-de sişenbe güni, 2 sentýabrda Özbegistan bilen duşuşar, anna güni, 5 sentýabrda bolsa Oman bilen oýnar.
Derwezeçiler: Rasul Çaryýew, Rüstem Ahallyyew (ikisem – «Arkadag»), Muhammet Öwezow («Şagadam»).
Goragçylar: Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus), Bagtyýar Gürgenow («Ahal»), Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Berdimyrat Rejebow, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew (ählisi – «Arkadag»).
Ýarym goragçylar: Rahman Myratberdiýew («Altyn Asyr»), Gurban Annaýew («Ahal»), Ýazgylyç Gurbanow, Arzuwguly Sapargulyyew, Mirza Beknazarow, Welmyrat Ballakow, Ahmet Ataýew, Yhlas Saparmämmedow (ählisi – «Arkadag»).
Hüjümçiler: Mihail Titow («Uzgen», Gyrgyzystan), Begenç Akmämmedow, Altymyrat Annadurdyýew, Şamämmet Hydyrow, Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow (ählisi – «Arkadag»).
