21-22-nji awgustda Astrahanda X ýubileý Hazar media forumy geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, forumyň işine we onuň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Şu gün – forumyň ikinji gününiň çäginde «Serhetsiz Hazar» atly halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, media forumyň resmi saýtynda maglumat berildi. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Žurnalistler birleşigi we Astrahan oblasty tarapyndan guralyp, «FotoHazar», «Täzeçe garaýyş», «Adam we deňiz», «Hazar ýurtlaryny açmak» we «Hazar deňzi – saglyk sebiti» ýaly ugurlar boýunça geçirilýär.
Hazarýaka ýurtlaryň žurnalistleriniň arasynda iň gowy žurnalistik eserler, fotosuratlar boýunça her ýyl geçirilýän halkara döredijilik bäsleşiginde «Türkmenistan» gazetiniň žurnalisti Muhammet Bekgiýew 1-nji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanly žurnalist bäsleşigiň «Hazar ýurtlaryny açmak» ugry boýunça gatnaşyp, «Abaýyň dünýäsi ýa-da häzirki zaman dünýäsinde onuň pelsepeleriniň ähmiýeti» atly makalasyny hödürledi. Makalada görnükli gazak akyldary Abaý Kunanbaýewiň pelsepeleriniň häzirki döwürdäki ähmiýeti, Türkmenistan bilen Gazagystanyň Hazar sebitinde syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýan gatnaşyklary beýan edilýär.
Şeýle-de «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy, Türkmen döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň žurnalistika hünäriniň talyby Ilaman Çüriýew Aşgabat şäherinde geçirilen halkara forumlara hem-de türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan fotoreportažlar toplumy bilen gatnaşyp, bu bäsleşigiň «FotoHazar» ugry boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. «CentralAsia.news» onlaýn neşiriniň Türkmenistan boýunça habarçysy Wagif Samedow «Sirk sungaty Türkmenistanyň medeniýetini baýlaşdyrdy» atly makalasy bilen eminler toparynyň ýörite baýragynyň eýesi boldy.
Habar berlişi ýaly, şu ýyl bu bäsleşige Hazarýaka ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden 120-den gowrak iş kabul edilipdir.
