Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asyryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmen emirleriniň aramgähine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Ž.Andreasýan, Ermenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işgärleri, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow we ilçihananyň işgärleri gatnaşdyrlar.
Ermenistanyň Prezidenti W.Haçaturýan mawzoleýiň taryhy gymmatlyklary, şeýle hem alnyp barylan bejeriş işleriniň tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň ilçisi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
