20-nji awgustda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijiler gatnaşýar. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurduň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy.
Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Çalnan halk sazlarynda türkmen halkynyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi diýip, TDH ýazýar.
Bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bagşy-sazandalaryň halk sazlaryny hem-de aýdymlary ýurduň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşigiň köpöwüşginli häsiýetli bolmagyny şertlendirdi.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
