21-22-nji awgustda Astrahanda «Hazaryň taryhy: geçmişden geljege» ady bilen mediaforum geçiriler. Oňa döwlet işgärleri, žurnalistler, bloggerler, bilermenler, alymlar we sebit ýurtlarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu barada TASS habar berýär.
Forumda Hazar ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi güýçlendirmekde metbugatyň tutýan orny barada pikir alşylar. Umumy mejlis TASS habarlar gullugynyň baş müdiri Andreý Kondraşow tarapyndan alnyp barlar.
Forumyň çäginde dokumental filmleriň görkezilişi hem bolar. Duşuşykda russiýaly kinematogrflaryň döreden kinolary hem-de Özbegistan bilen Türkmenistanyň kinoçylary tarapyndan bilelikde surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi görkeziler.
Şeýle hem forum her ýyl geçirilýän «Serhetsiz Hazar» atly halkara žurnalistika bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasyny öz içine alar.
Mälim bolşy ýaly, soňky 10 ýylda bu forum Hazar ýurtlarynyň metbugat gullugynyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak we gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm hem-de abraýly meýdança öwrüldi.
