Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar. Ýaryş Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan guraldy. Oňa Awstraliýadan, Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Tailanddan, Türkmenistandan hem-de Şri-Lankadan iň güýçli ýaş tennisçiler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň ikisini 13 ýaşly Aly Geldiýew gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy şahsy duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu üstünligini A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikdäki jübütleýin çykyşynda hem dowam etdi.
Aly bilen Kerimgeldi final duşuşygynda ýer eýeleriniň wekilleri Denis Khiawraks bilen S.Laoamornpaniçi 7:5, 6:4 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.
Türkmenistanyň ýygyndysyna ýene bir altyn medaly Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa getirdi.
Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Anna Ponýatowa bolsa bürünç medal ugrundaky duşuşykda gonkongly Lam Çeuka garşy çykyş edip, 4:1, 3:5, 4:1 hasap bilen ýeňiş gazandy.
