Şu günler Türkmenistanda iş saparynda bolýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşau şäheriniň ortopediýa hassahanasynyň spinal hirurgiýa bölüminiň müdiri, professor Bronek Maksimilian Boşik täze hirurgiýa bejergilerini lukmançylyk işine ornaşdyrmakda ýerli lukmanlar bilen tejribesini paýlaşýar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, türkmen we german lukmanlary çagalarda hem-de ulularda oňurga sütüniniň şikeslerinde, gyşarmalarynda, dogabitdi kesellerinde, täze döremelerde, degeneratiw kesellerde ýokary derejeli ýöriteleşdirilen döwrebap anyklaýyş amallaryny we operatiw bejergileri geçirýärler.
Germaniýaly lukman saparynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki Şikesleri bejeriş halkara merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdy. Mälim bolşy ýaly, çaga serebral ysmazy, spastiki tetraparez kesellerini bejermekde rizotomiýa operasiýasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda üstünlikli ýola goýulmagy bilen, ençeme raýatlaryň saglygy dikeldildi. Türkmenistanyň we Germaniýanyň lukmanlarynyň gatnaşmagynda neýrohirurgiki we oňurga sütüniniň «S» görnüşli gyşarmasyny göneltmek operasiýalary amala aşyryldy. Şeýle hem professor Bronek Maksimilian Boşik näsaglary lukmançylyk barlaglaryndan geçirip, olaryň saglygyny dikeltmek boýunça gymmatly maslahatlaryny berdi.
