Turkmenportal logo
16.08.25
1723417234
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bitkoiniň bahasy 123,5 müň dollardan geçdi, bu taryhy rekord
Surat: Radiomir.by

«Binance» kriptopul biržasynda bitkoiniň nyrhy penşenbe gijesi 123 müň dollardan geçip, täze rekord hümmede eýe boldy. Ýagny bir gije-gündizde kriptopuluň bahasy 2,9 göterim ösüş gorkezdi.


Gije sagat 2-lerde onuň bahasy biraz arzanlady we 123,2 müň dollara deň boldy. «Binance» biržasynyň maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda bitkoiniň bazar nyrhy 9,78 million dollardan gowrakdyr. Soňky ýedi günde onuň bahasy 6,88 göterim gymmatlady.


Hünärmenler bitkoiniň bahasynyň gündelik syýasy, ykdysady habarlara görä, üýtgäp durýandygyny belleýärler.


Bu barada «MIR 24» habar berdi.