«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Goturdepe guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň abatlaýjylary öňde goýlan meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelmegi başarýarlar. Olaryň 2025-nji ýylyň geçen 7 aýynda gazanan zähmet netijeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Hasabat döwründe goturdepeli guýulary düýpli abatlaýjylar önüm bermesini kemelden 108 guýynyň deregine 122 guýyny gaýtadan dikeldip, ulanyşa tabşyrdylar. Bu bolsa meýilnamanyň 113 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Goturdepeli abatlaýjylar goşmaça alnan «gara altynyň» mukdaryny artdyrmakda hem netijeli zähmet çekýärler. Has takygy, olar şu ýylyň başyndan bäri meýilnamada görkezilen 43 müň tonnadan gowrak nebitiň deregine 49 müň 180 tonnadan gowrak uglewodorod çig malyny gazyp almagyň hötdesinden geldiler.
Munuň özi bu babatdaky meýilnamanyň 114,3 göterim berjaý edilendigini aňladýar diýlip habarda bellenilýär.
