Köp möçberdäki iýmit galyndylary sebäpli Türkiýede otellerde hem-de restoranlarda «şwed stoluny» ýatyrmak barada gürrüň gidýär diýip, «Sabah» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Habarda bu barada döwlet Baştutanyna Türkiýäniň Prezidentiniň edarasynyň oba hojalyk hem-de azyk syýasaty boýunça geňeşiň nutuk taýýarlaýandygy aýdylýar.
Mysal üçin, otellerdäki «şwed stoluny» teklip edýän «hemmesi girizilen» diýlen düzgüniň ýerine täze «a-lýa kart» düzgüni girizilip, oňa laýyklykda, adam näçe iýip bildigiçe, tagam sargyt edip biler.
Şol bir wagtda isripliligiň öňüni almak boýunça döwlet gaznasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Türkiýede her gün 23 million tonna golaý azyk önümlerini zyňýarlar. Olaryň iň kän bölegi miweler, gök önümler hem-de çörekdir.
