Hytaý Halk Respublikasynyň Dil babatda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça halkara Merkeziniň wekiliýeti bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen duşuşykda hytaý dilini öwrenmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Halkara merkeziň wekiliýeti bu ugurda tejribe alyşmak, okuwy guramagyň innowasion usullaryny ulanmak we ösdürmek, şeýle hem bilim bermegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny giňden ulanmak babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. Merkez tarapyndan Hytaý dilini öwrenmekde usuly kömek bermek, dürli görnüşli okuwlary guramaklyk we mugallymlaryň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmeklik teklip edildi.
Soňra Merkeziň wekiliýeti uniwersitetiň Nebit we gaz fakultetine aýlanyp gördiler, Diller kafedrasynyň işi bilen tanyşdylar.
2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde uniwersitetde hytaý dili boýunça okuwlary bilelikde guramak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmak bellenen.
