Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 15-nji awgustda Moskwada geçiriljek «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly rus-türkmen konsertine gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag iberdi
«Bu konsert möhüm wakalara — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. Moskwada we Russiýanyň beýleki şäherlerinde işleýän türkmen diplomatlary üçin bu wakalaryň Russiýada dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, russiýaly hyzmatdaşlarymyzyň goldawyna eýe bolmagy aýratyn möhümdir. Biz muňa ýokary baha berýäris we iki ýurduň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary häsiýetlendirýän hakyky dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de hormatyň subutnamasy hasaplaýarys» diýlip, ilçiniň hatynda bellenilýär.
Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri medeni hyzmatdaşlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birnäçe ýyl ozal öňe sürlen «Medeniýet arkaly dialog» başlangyjy häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolup, hakyky işlerde öz beýanyny tapdy.
«Şunuň bilen baglylykda, bu konserti geçirmäge mümkinçilik döredendigi üçin Moskwa konserwatoriýasynyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär» diýlip, gutlagda bellenilýär.