Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatlaryny iberdiler.
Dabara watançylyk mazmunly «Adyň arşa galdy Arkadag bilen, Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» diýen edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Ony Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Kompozisiýanyň dowamynda sahnanyň arkasyndaky uly monitorda halypa şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylyp taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli Gutlaglary okalyp, şahyra iberen ajaýyp ter çemenleri gowşuryldy.
Dabarada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem çykyş edip, şahyra gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara ýurduň meşhur we uly abraýly aýdymçylarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Şahyr tüýs ýüreginden çykýan päk duýgularyny goşgy setirleri bilen beýan etdi.
Dabara Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr A.Şagulyýewanyň ýazan şygryna döredilen «Ýaşa, ýaşa, Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly joşgunly aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.
