Ýekşenbe güni Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Balikesir welaýatynda güýji 6,1 bal bolan ýer titremesi bolup geçdi. Bu tebigy hadysanyň netijesinde bir adam heläk boldy, 29 adam ýaralandy — diýip, Türkiýäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaya Balikesirde geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi. Bu barada Sinhua agentligi ýazýar.
Ministriň aýdan maglumatyna görä, heläk bolan adam 81 ýaşyndaky erkek kişi. Ýer titremeden ýaralananlaryň ýagdaýy durnukly — 29 adamyň biri hem agyr ýagdaýda däl. Zyýan çeken sebitde gözleg-halas ediş işleri tamamlandy.
Ýer titremesi ýerli wagt bilen sagat 19:53-de hasaba alyndy we sebit infrastrukturasyna maddy zyýan ýetirdi. Oba ýerlerinde 16 bina ýykylypdyr, olaryň 12-si gurluşyk işleri taşlanan desgalardyr.
Ýer titremesi tutuş sebitiň ilatynyň arasynda howsala döretdi. Türkiýe seýsmiki taýdan işjeň zolakda ýerleşýär we dürli güýçdäki ýer titremelerine yzygiderli ýagdaýda sezewar bolýar.
