Ýakynda Indoneziýa Respublikasynyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) tarapyndan geçirilen Robotehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynda «Kompýuter» ugry boýunça taslama bäsleşigi geçirilip, oňa Türkmenistandan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary B.Toýlyýew, B.Rejepow we Ý.Batyrow özleriniň «Emeli aňy ulanyp awtoulaglary kärendä bermek» atly taslamasy bilen gatnaşdylar we baýrakly 1-nji orna mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, «Daşky gurşawy goramak», «Robotehnika», «Oýunlar» «Fizika we inženerçilik» hem-de «Kompýuter» ugurlary boýunça geçirilen bu olimpiada dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 12 döwletden, ýagny Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Meksikanyň, Günorta Koreýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rumyniýanyň, Bangladeşiň, Indoneziýanyň we Wýetnamyň ýokary okuw mekdeplerinden 30-dan gowrak topar gatnaşdy.
