Eýranyň gündogarynda Tähran-Kerman otlusy demir ýoldan çykyp, azyndan 30 ýolagçy ejir çekdi. Bu barada Eýran Gyzyl Haç we Ýarymaý jemgyýetiniň halas ediş hem-de adatdan daşary kömek bermek jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babak Mahmudi habar berdi.
Dessin gulluklaryň işgärleri hadysanyň bolan ýerine öz wagtynda baryp, ejir çekenlere kömek berdiler. Demir ýoly dikeltmek işleri dowam edýär diýip, Mahmudi aýtdy.
Eýran demir ýollarynyň baş direktory Hossaýn Masumi Tähran-Kerman otlusynda 450 ýolagçynyň bolandygyny, olaryň köpüsiniň Kermana çenli ýoluň galan bölegini awtobuslarda geçendigini habar berdi.
