2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 25 müňden gowrak türkmenistanly Russiýa Federasiýasyna syýahat etdi. Bu barada TASS habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 26,6 müň sany türkmenistanly jahankeşde Russiýa bardy. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurda syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji üçlükden ýer aldy.
Sanawda deslapky orun Hytaýa (317,8 müň), ikinji ýer bolsa Türkiýä (30,8 müň) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (26,4 müň) we Saud Arabystanynyň (21,5 müň) ady bar.
Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Russiýa 629 müň sany daşary ýurtly syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,6 göterim ýokarydyr.
