Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň wekilleri Ispaniýa amala aşyran iş saparyny tamamladylar. 27–30-njy iýul aralygynda geçirilen bu saparyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri öwrenildi — diýip, tehnoparkyň wekili Turkmenportal neşirine habar berdi.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Halkara ylym-parklary we innowasiýalar birleşiginiň (IASP) baş direktory Ebba Lund bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň tehnoparkynyň bu guramanyň doly hukukly agzasy bolmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. IASP birleşiginiň ýolbaşçylary tehnoparkyň işi bilen tanyşmak üçin ýörite tanyşdyryş wideo materialyny gördüler.
Türkmen wekiliýeti şeýle hem Ispaniýada ýerleşýän «MalagaTechPark» tehnologiki parkyna baryp gördüler. Bu ýerde 770-e golaý dahylly kompaniýalar hereket edýärler, olar 25 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün edýärler.
Parkda 500 müňden gowrak patent alyndy we oba hojalygy, biotehnologiýalar hem-de sanly ulgamlaryň ösüşi babatda baý tejribe toplanyldy.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde taraplar bilelikdäki ylmy taslamalary, erkin ykdysady zolaklary döretmek tejribesini alyşmak hem-de ylmy işläp düzmeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşyk gazandylar.
