Turkmenportal logo
05.08.25
2373323733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bolgariýada geçirilen IMC — 2025-de türkmenistanly talyplar dürli derejeli medallara eýe boldular

27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Blagoewgrad şäherinde geçirilen 32-nji halkara matematika bäsleşiginde (IMC — 2025) türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler.


Abraýly bäsleşigiň netijelerine görä, türkmenistanly talyplar 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.


Altyn medallara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medina Ödäýewa we Nurmyrat Ataýew mynasyp boldy. Şol uniwersitetiň talyby Kerim Toýlyýew kümüş medal aldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa hem kümüş medal gazandy.


Bürünç medallara Batyr Öwezmyradow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty), Gurtgeldi Hanow (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty) we Nurmuhammet Goçiýew (Türkmenistan Döwlet energetika instituty) eýe boldy.


Bäsleşigiň ýeňijiler medallar we degişli diplomlar bilen sylaglandy.


Çeşmäniň habaryna görä, şu ýyl bu bäsleşige 52 ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 434 talyp gatnaşdy.