Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda durnukly ösüş, sanly öwrülişik, ykdysady durnuklylyk, inklýuziw ösüş we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin milli tagallalary goldamakda BMGÖM-iň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, I.Ziwkowiç hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we sebitleriň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge BMGÖM-iň ygrarlylygyny beýan etdi. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň (LLDC 3) üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
