4 — 7-nji awgust aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde Ermenistanyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşar. Bu barada «Armenpress» habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, wekiliýetiň düzüminden Ermenistanyň Milli ýygnagynyň deputaty hem orun alar. Ol maslahatyň çäginde guraljak parlamentara foruma gatnaşar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelendigini habar beripdik.
