31-nji iýulda Türkmenistanda Döwlet gözegçileriniň halkara güni bellenildi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we «Conservation X Labs» guramasynyň gatnaşmagynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasynda Döwlet gözegçileriniň halkara güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Çärä Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalaryndan we welaýat Daşky gurşawy goramak müdirlikleriň aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçileri çagyryldy. Oňa gatnaşyjylar aýratyn goralýan tebigy ýerlerde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan gorag işleri barada tejribe alyşdylar. Şeýle hem, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň mysalynda fotogapanlary ulanmak bilen biodürliligi gorap saklamak boýunça geçirilen işleriň netijelerine baha berildi.
Mundan başga-da, çärä gatnaşýan myhmanlar Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň tebigat muzeýi bilen tanyşdyryldy we malhanasyna gezelenç guraldy. Çäräniň ahyrynda aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçilerine sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Döwlet gözegçileriniň halkara güni tutuş ýer ýüzünde, biodürliligi gorap saklamak we köpeltmek boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wagtlary howply ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan goraghanalaryňdyr tebigy seýilgähleriň döwlet gözegçileriniň durmuşdaky wajyp ornuny aýdyň ýatladýan gün bolup hyzmat edýär.
