Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putine ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 65 ýyllygynyň hormatyna iki sany pil gowşurdy. Bu barada TASS habar berdi.
«Hojalykda gerek bolar, sag bol» diýip, rus Lideri degişme äheňde hoşallyk bildirdi.
Putin resmi sapar bilen ýurda gelen Laosyň Prezidenti bilen duşuşdy. Olar söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Laosyň Prezidenti Russiýa yzygiderli sapar bilen barýar. 2024-nji ýylda ol iki gezek – 1941-45-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna gurlan dabaralara we Kazanda geçen BRIKS guramasynyň sammitine gatnaşdy.
Sisulit Laosyň Halk-rewolýusion partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesini eýeleýär.
