Turkmenportal logo
31.07.25
2647726477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GIZ türkmenistanlylary işe çagyrýar

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) Aşgabatda «Ýewropa Bileleşigi ýaşyl Türkmenistan üçin: Syýasy gepleşikler we howanyň üýtgemegine garşy çäreler» atly taslamanyň kömekçisi wezipesi boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar aralygynda doly iş wagty bilen işlejek işgär üçin boş iş orny yglan edýär.


Taslamanyň kömekçisiniň esasy wezipeleri:


1.Ofisi dolandyrmak;


2.Taslamanyň tehniki taýdan goldanylmagy;


3.Guramaçylyk, logistika we administratiw wezipeler;


4.Beýleki borçlar / goşmaça wezipeler.


Talap edilýän bilim, başarnyklar we tejribe:


  • Jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, halkara gatnaşyklar ýa-da şuňa meňzeş ugur boýunça ýokary bilim (BSc/BA);
  • Iň az 2 ýyl umumy iş tejribesi;
  • Taslamalary guramaçylyk taýdan goldamakda tejribe;
  • Resminamalary işläp taýýarlamak we formatlamak tejribesi;
  • Daşarky müşderiler we/ýa-da döwlet edaralary bilen işleşmek tejribesi artykmaçlyk hasaplanýar;
  • Terjime (dilmaçlyk) işi boýunça tejribe artykmaçlyk hasaplanýar;
  • Halkara maksatnamalar bilen işleşmek babatda tejribe hem artykmaçlyk hasaplanýar.

Beýleki bilimler we goşmaça başarnyklar:


  • Iňlis, türkmen we rus dillerinde dilden hem-de ýazuwda pikirini düşnükli beýan etmek ukyby;
  • Okalýan we maksada gönükdirilen ýazuw stili;
  • Nemes dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar;
  • Sanly tehnologiýalary (kompýuter programmalary, telefon, elektron poçta, internet) we kompýuter programmalaryny (meselem, MS Office) ulanmakda ýokary derejeli başarnyklar;
  • Köpugurly jemgyýetde dürli taraplar bilen netijeli işleşmek ukyby we ýokary derejeli aragatnaşyk başarnyklary;
  • Täze ýagdaýlara çalt uýgunlaşmak we dartgynly ýagdaýlarda işlemek ukyby;
  • Özbaşdak guramaçylyk we meýilleşdiriş başarnyklary.

Taslama we boş iş orny barada giňişleýin maglumat bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.


Talaplara laýyk gelýän dalaşgärlerden şular haýyş edilýär: ruhlandyryjy hatyny we terjimehalyny (CV) iňlis dilinde aşakdaky elektron poçta salgysyna ibermek: giz-turkmenistan@giz.de


Hatyň mowzugynda haýsy wezipä dalaş edýänligiňizi görkezmegiňizi haýyş edýäris.


Arzalar 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyna (sagat 18:00-a) çenli kabul edilýär.